Losos Eksporty 26 Göterim Artdy

Losos Eksporty 26 Göterim Artdy

Losos balygynyň eksportyy 2024-nji ýylda 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 26 göterim artyp 497 million 968 müň 66 dollara barabar boldy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, 2023-nji ýylda 396 million 294 müň 502 dollarlyk losos balygy eksport edilipdi.

Losos eksporty 2024-nji ýylda 26 göterim artyp 497 million 968 müň 66 dollara barabar boldy.

Türkiýeden geçen ýyl Russiýanyň başda durmagynda 46 ýurda losos balygy eksport edildi.

Russiýa 58 müň 342 tonna losos balygy eksport edilip 355 million 685 müň 203 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Sanawda Russiýadan soň 35 million 761 müň 152 dollar bilen Germaniýa ikinji, 26 million 565 müň 457 dollar bilen Wiýetnam üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar Aýynda 532 Tonna Losos Balygy Eksport Edildi
Ançous Eksporty 29 Göterim Artdy
Dokma Senagatynyň Eksporty Artdy
Türk Çaýy 57 Ýurda Eksport Edilýär
Dejavu: deňiz önümlerinden täze tagamlar
Kofe galyndysyndan ýasalan galam