Los-Anjelesde awtoulag sergisi geçirilýär

22-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Los-Anjelesde 2024-nji ýylyň awtoulag sergisi geçirilýär.Dünýäniň iň uly awtosalonlarynyň biri bolan sergide iri öndürijileriň iň täze modelleriniň ýüzlerçesi hödürlenýär.

Bu sergi ABŞ-nyň iň uly awtoulag bazarynyň merkezi hasaplanýan Los-Anjelesiň maslahat-merkezinde guraldy.Ol ýerde 1000 töweregi awtoulag görkezilýär. 1907-nji ýylda döredilen Los-Anjeles awtoulag sergisi geljekki awtoulag alyjylary, pudagyň ýolbaşçylary, täsirli adamlar we awtoulag höwesjeňleri üçin möhüm wakadyr.

Serginiň geçirilýän günleri bu ýere gelýän myhmanlar içerde we daşarda awtoulaglary sürüp görmäge mümkinçilik alýarlar.Guramaçylaryň pikiriçe, awtoulag sergisi şäheriň ykdysadyýetine birnäçe ýüz million dollar goşant goşýar we ýerli iş bazaryny ilerledýär. /* custom css */ .td_uid_15_674468f45dafc_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674468f45dafc_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Los- Anželesiň golaýyndaky ýangyn köp sanly adamyň ewakusasiýa edilmegine sebäp boldy
Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular
Boeing kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal