Los-Anjelesdäki ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Los-Anjelesdäki ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Los-Anjeles şäheriniň Kazyýet-lukmançylyk edarasy, ýangynda ýogalan adamlaryň sany barada maglumat berdi.

Edaradan berilen beýanatda, Paliseýds we Iton sebitlerinde dowam edýän ýangynlarda ýogalanlaryň sanynyň 16 adama ýetendigi habar berildi.

Beýanatda Iton sebitindäki ýangynda 11 adamyň, Paliseýds sebitindäki ýangynda bolsa 5 adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Los-Anjeles sebitiniň tapawutly sebitlerinde 7-nji ýanwar güni agşam başlan we güýçli şemalyň täsiri bilen tiz wagtda ýaýran ýangynlarda häzirki wagta çenli 37 müň akr ýer kül boldy.

Ýangynlarda 12 müňden gowrak bina zeper ýetdi ýa-da ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Ýene degişli makalalar

Los-Anjelesdäki ýangynda ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
ABŞ-daky tokaý ýangynynda 5 adam ýogaldy
ABŞ Ýangynlara Garşy Göreşýär
Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar
Türkiýe ABŞ-na Gynanç Bildirdi
Kaliforniýadaky Tokaý Ýangyny ABŞ-nyň Taryhyndaky İň Weýrançylykly Betbagtçylyk Bolar