Ysraýylyň Londondaky Ilçihanasynyň öňünde geçirilen protest aksiýasyna köp sanly raýat gatnaşdy.
Protest aksiýasynda çykyş eden Şotlandiýanyň Milli partiýasynyň Britaniýanyň Parlamentindäki halk deputaty Tommy Şeppard aksiýalar we halkara başlangyçlar bilen Ysraýyla halkara gysyş edilmelidigini aýtdy.
Britaniýanyň Parlamentinde döwlet edaralarynyň Ysraýyly boýkot etmeginiň öňüniň alynmagy hakyndaky taslamanyň ara alynyp maslahatlaşylýandygyny ýatladan Şeppard; “Bu taslamanyň kabul edilmezligi üçin iş alyp barýarys” diýdi.
Şeppard Ysraýyla garşy aksiýalaryň antisemitizm manysyny aňlatmaýandygyny hem nydatdy.
Ýadro ýaragsyzlanma boýunça kampaniýanyň metbugat sekretary Karol Turner bolsa Britaniýanyň hökümetiniň Ysraýyla berýäň goldawy bes edilýänçä Palestina goldaw aksiýalaryny dowam etdirjekdiklerini aýtdy.
Al Aksa metjidiniň dostlary toparyndan Şamiul Žordar bolsa; “Palestinada üznüksiz basyş alyş we ekspluatasiýa bar. Palestinalylar bilen arkalaşmaga, Palestina azat edilýänçä dowam edilmeli. Azat Palestina üçin başlangyç edilmeli. Boýkot etmeli, sanksiýalar goýulmaly, aksiýalar geçirilmeli we hökümetiň hasabat bermegi üçin gysyş edilmeli” diýdi.
Ysraýylyň Zähmetkeşler partiýasynyň ozalky lideri Jeremi Korbyn hem parlamentde Ysraýyly boýkot etmegi gadagan edýän taslama garşy durjakdygyny beýan edip, ähli gatnaşyjylary öz halk deputatlaryna gysyş etmäge çagyrdy.
Ysraýylyň goşuny 3-nji iýul gije Jenin şäheri bilen Jenin bosgon düşelgesinde reýd geçirip, gabaw astyna alypdy.