Londonda ýolagçy uçary tasdan agdarylypdy

Londonda ýolagçy uçary tasdan agdarylypdy

Londonyň Htirou howa menzilinde güýçli harasat zerarly British Airways awiakompaniýasynyň ýolagçy uçaryna agdarylmak howpy abandy. Wakanyň wideoýazgysyny Daily Mail neşiri çap etdi.

Çap edilen wideogörnüşlerde ýolagçy howa gämisiniň sagatda 144 km tizlikdäki güýçli şemalda gonuş zolagyna girişi görünýär. Uçar iki tarapa güýçli çaýkanýar, ol uçuş-gonuş zolagyna galtaşanda çep egnine gyşarylyp, tasdan yzky böleginiň ýere urulaýjak bolşy görünýär. Uçarmana ýene asmana galmak we ikinji aýlawa gitmek başardýar.

Uçarmanlara howa gämisini ikinji synanyşykda sag-aman gondurmak başardýar, hadysa sebäpli pida bolanlar we şikes alanlar ýok.

Bu waka barada Reýter habarlar gullugyna esaslanyp, Izwestiýa habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
14 ýyldaky iň ýokary girdejisi
Dünýäniň iň gowy awiakompaniýalary
Elektroulaglary öndürer
Mahindra & Mahindra elektrik ulaglaryny öndürmekçi
Angliýada lukmanlar ýetmezçilik edýär