7-9-njy noýabrda global syýahatçylyk pudagynyň wekilleri Londondaky Bütindünýä syýahat bazary (World Travel Market) sergisinde duşuşýarlar. Bu çäre pudagyň wekilleri üçin syýahat bazarynda bolup geçýän özgerişlikleri paýlaşmaga we öňegidişlikleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik boldy.
-Global syýahatçylyk gaýdyp geldi. Bu ýyl ýanwar-iýul aýlaryndaky ösüş pandemiýadan öňki döwür bilen deňeşdirilende, 60% ýokarlandy. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu döwürde 470 milliondan gowrak adam syýahat edipdir. Iň çalt dikeldiş Ýewropada we Ýakyn Gündogarda bolup geçdi. Syýahat we syýahatçylyk bazary mejbury çäklendirmelerden gutulýar diýip, “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň habarçysy Damon Embling belledi.
Dikeldişiň netijesinde, pudak beýleki kynçylyklary hem çözmäge taýýarlanýar. Olaryň arasynda ykdysady we energiýa çökgünlikleri, global maýlama we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri bilen göreş, puluň hümmetiniň üýtgemegi ýaly meseleler bar.
-Biz ýüze çykýan ähli meseleleri çözeris. Biz bu gün bu barada biragyzdan tassyklaýarys. Syýahatçylyga bolan garaýşymyzy we hyzmatlarymyzy hödürlemegimizi üýtgetmelidigimize düşünýäris diýip, Bolgariýanyň Syýahatçylyk ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ilin Dimtrow belledi.
Syýahatçylyk pudagy durnukly ösüş boýunça borçnamalary hem ýerine ýetirmäge ünsi jemleýär. Häzirki söwda sergisi, Müsürdäki COP27 howa sammiti bilen bilelikde geçirilýär.
-Biz “ýaşyl” syýahatçylygy ösdürmegiň üstünde işleýäris, sebäbi bu möhüm, şeýle hem sarp edijileriň bähbidine laýyk gelýär. Sebäbi pandemiýadan soň, hemmeler ekosyýahatçylyk bilen gyzyklanýar, bu geljekde biziň üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri, bu gün şeýle hereket meýilnamasyny taýýarlaýarys – diýip, Marokkanyň syýahatçylyk ministri Fatim – Zahra Ammor aýdýar.