Londonda syýahatçylyk sergisi geçirildi

6-8-nji noýabr aralygynda Angliýanyň paýtagtynda World Travel Market atly syýahatçylyk sergisi geçirildi. 44-nji gezek geçirilen sergä dünýäniň 180 ýurdundan 4 müň töweregi kompaniýa gatnaşdy.

Dünýäniň öňdebaryjy çäreleriniň biri hasaplanýan sergi 1980-nji ýyldan bäri geçirilýär.Serginiň çägindäki maslahatda 70 sessiýa geçirilip, 170 gatnaşyjy çykyş etdi.Sergide dürli ýurtlaryň, şol sanda syýahatçylyk kompaniýalarynyň, myhmanhanalaryň, awiakompaniýalaryň we syýahatçylyk pudagynda işleýän beýleki kärhanalaryň pawilýonlary gurnaldy.

Serginiň çäklerinde WTM Global syýahatçylyk hasabaty hem ýaýradyldy.Hasabatda Hytaý, Hindistan we Indoneziýa ýaly ösüp barýan ýurtlaryň raýatlarynyň has köp syýahat edip başlandygy bellenilýär.Dünýäniň dürli ýurtlary syýahatçylyk pudagyny has kämilleşdirmegi meýilleşdirýär.

Saud Arabystany 2030-njy ýyllaryň başynda jahankeşdeleriň sanyny 100 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär.Munuň üçin bolsa, esasan, howa gatnawlarynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.Maglumatlara görä, bu ýurt soňky bäş ýylda dünýäde syýahatçy sany babatda 27-nji ýerden 13-nji orna çykypdyr.

Dünýäde iň köp tomaşa edilýän çäreleriň biri bolan Tour de France geljek ýyl 111 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Italiýadan badalga alar. Italiýa geljek bäş ýylda iň köp syýahatçy kabul edýän ýurt bolmagy meýilleşdirýär.

Şeker KULYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Taryhy üstünlige ýetip biler
Fransiýada çempion üýtgemedi
Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)
Londonda syýahatçylyk sergisi geçirilýär
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi
Türkmenistanyň iri syýahatçylyk operatory Ayan Travel Londondaky abraýly World Travel Market halkara sergisine gatnaşdy