Londonda sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy

Häzirki wagtda dünýäniň käbir şäherinde sürüjisiz metrolar ýa-da kiçeňräk awtobuslar hereket edýär. Şeýle usulyň Londonyň Grinwiç etrabynda hem ýola goýuljakdygy aýdylýar. “Harry” atly ulag synag maksady bilen bellenen aralykda üç hepdeläp hereket eder.

Tizligi sagatda 16 km-e ýetýän ulag bary-ýogy 4 ýolagça niýetlenen.Sürüjisiz münmäge niýetlenen hem bolsa, bu ulagyň hereketine gözegçilik etmek üçin onuň içinde tehniki işgär bolar.

Synag üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda ulagyň, esasan, jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnamaýan ýerinde peýdalanylmagy maksat edinilýär.

Ýene degişli makalalar

Halkara meridian maslahaty geçirilýär
FIFA Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanjak senesini üýtgetdi
Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi
Başlangyç meridiany kesgitlemek maslahatlaşylýar
Täze ýyl nirä, haçan geldi?
OPEC+ ýygnagynyň öňüsyrasynda dünýäde nebitiň bahalary galýar
WAGT BARADA