London şäherinde Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň binasynda Gündogar edebiýatynyň görnükli akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtyna habar berilmegine görä, çäre Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan bilelikde guraldy.
Döredijilik agşamyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky Galkynyş bölüminiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle-de London şäherinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçisi Ý.Serýaýew, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri A.Nuraýew we G.Çangliýew çykyş etdiler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde geçirilýän dabaraly çäreler barada maglumat berildi.Mundan başga-da beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijiliginiň halkara derejesindäki aýratyn orny nygtaldy.
Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan uly goşandy, şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek bilen bagly geçirilýän ylmy işlere esaslanmak arkaly, onuň irki eserleri we terjimehaly barada gürrüň berildi.
Çäräniň barşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we Türkmenistanyň ösüşlerine bagyşlanan wideofilm görkezildi, şeýle hem türkmen şahyrynyň iňlis diline terjime edilen eserleriniň sergisi guraldy.