Londonda 7 golly duşuşyk we soňky ýarym finalçy belli boldy

Angliýanyň Liga Kubogynda (EFL Cup) soňky ýarym finalçy hem belli bolup, 7 goluň geçirilen oýnunda “Tottenham” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” ýaryşdan çykardy.Londonlylar Solankeniň (15, 54) hem-de Kulusewskiniň (46) gollary bilen 3-0 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda 7 minutda gol salan “Mançester Ýunaýted” Zirkzeeniň (63) hem-de Diallonyň (70) takyk urgulary bilen az-owlak umytlandy.

Emma 88-nji minutda Hyn Min Son 4-nji pökgüni gönümel bueçdan urguda “ýunaýtedlileriň” derwezesinden geçirdi.Ewansyň 90+4-nji minutdaky goly skorborddaky hasaby üýtgetse-de, 4-3 hasabynda ýeňiş gazanan “Tottenham” topary boldy. “Tottenham” topary ýarym finalda “Liwerpul” bilen duşuşar.

Beýleki ýarym finalda bolsa “Arsenal” bilen “Nýukasl” özara güýç synanyşar. Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary 7-8-nji ýanwarda, jogap oýunlary 4-5-nji fewralda oýnalar. /* custom css */ .td_uid_15_67655e6fe5a7f_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e6fe5a7f_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Türkiye bilen Yragyň arasynda emigrasiýa we meýletin yza gaýtmak ylalaşygy baglaşyldy