Atçylyk sportunyň üç tapgyrly ýaryşynda germaniýaly Mihael Ýung soňky 4 Olimpiadada 3-nji çempionlygyny gazandy. 41 ýaşyndaky çapyksuwar özüniň “Chipmunk Frh” atly aty bilen Londondyr Riodan soň Parižde-de ýeňiji boldy.
Ol bu ugurda awstraliýaly Kristofer Bertondan hem-de britaniýaly Laura Kolleden öňe saýlandy. Üç tapgyrly ýaryşyň toparlaýyn bäsleşiginde altyn medaly Beýik Britaniýaly çapyksuwarlar gazandy.Fransiýalylar 2-nji, ýaponiýalylar 3-nji orny eýeledi.