Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär.
Şonuň üçin bu babatda GündogarGünbatar we DemirgazykGünorta geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.
Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar.
Biziň döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen GazagystanTürkmenistanEýran hem-de KerkiYmamnazar (Türkmenistan)Akina (Owganystan) halkara demir ýol ulag geçelgelerini, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar.
Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.
Ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, ulag babatda birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyp, möhüm resminamalaryň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ulag toplumyna degişli desgalary gurmak hem-de halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döredilýän logistik merkezleriň işini ylmy esasda guramak wezipelerini öňde goýdy. Şunuň bilen baglylykda, logistika maddy akymlaryň we olara ugurdaş maglumat we maliýe akymlarynyň ilkinji çeşmelerinden ahyrky sarp edijä çenli giňişlikde we wagt boýunça hereketini meýilnamalaşdyrmak, guramak, dolandyrmak we gözegçilik etmek baradaky ylymdyr.
Ykdysady ylym hökmünde we telekeçilik guraly hökmünde logistika ХХ asyryň 50-nji ýyllarynyň başynda, ilki ABŞ-da emele gelip ugrady.Dünýä ykdysadyýetiniň öndürijiniň bazaryndan sarp edijiniň bazaryna kem-kemden geçmeginiň netijesi hökmünde marketing konsepsiýasynyň kemala gelmegi logistikanyň ykdysadyýetde peýda bolmagyny düşündirýän esasy faktor boldy.
Logistikanyň ösüşi, ilki bilen, ykdysady häsiýetdäki sebäpler, ilkinji nobatda bolsa, öndürijiniň bazaryndan sarp edijiniň bazaryna geçilmegi bilen baglydyr.Logistika bazara gatnaşyjylaryň arasynda möhüm baglaýjy halka boldy.
Häzirki wagtda logistika işiň dürli ugurlarynda, ýagny telekeçilikde, döwlet böleginde (sektorynda), şäher hojalygynda, ulag we söwda infrastrukturalarynda, senagatda, oba hojalygynda, syýahatçylykda, gurluşykda we beýleki ugurlarda peýdalanylýar.
Didar ÇARYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.