Liwiýanyň Ortaýer deňzi kenarýakasynda bolan sil joşmasy wagtynda müňlerçe adam dereksiz ýitdi. Tebigy betbagtçylyga ýurduň demirgazyk-gündogaryna aralaşan Daniel deňiz tupany sebäp boldy.
Esasan hem Derna şäheri ejir çekdi, iki sany bent sil suwlaryna tap getirip bilmän ýykyldy. Bu barada Liwiýanyň içeri işler ministri Essam Abu Zariba beýanat berdi diýip, Al Hadath teleýaýlymyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Dernede giden mähelleleri suw syryp-süpürdi, dereksiz ýitenler müňlerçe diýip, ministr aýtdy.
Liwiýanyň hökümeti üç günlük milli matam yglan etdi. Çabga ýagynlary uly ýitgi getirdi, ýaşaýyş öýleridir edara binalary gark boldy.
Ejir çeken sebitlerde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.