Liwiýada Sil Sebäpli Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi

Liwiýada Sil Sebäpli Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi

Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen Liwiýanyň gündogaryndaky hökümetiň Premýer-ministri Osame Hammad, ýurduň günorta günbatarynda täsirini dowam etdirýän sile garşy göreş maksady bilen atdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini mälim etdi.

Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilmeginiň yzy ýanyndan sil sebäpli ýitgi çeken sebitlere gyssagly kömegiň berlendigini nygtady.

Liwiýanyň gündogaryndaky hökümetiň Premýer-ministri Osame Hammad hem sosial mediadan beren habarnamasynda sil sebäpli adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini belledi.

Hammad sebitdäki ýaramaz howa şertleri sebäpli gyssagly degişli çäreleriň görülmegini isledi.

Liwiýada Dibeýbe bilen Hammad, 12-nji awgustda ýurduň gündogarynda ýerleşýän Kufra şäherinde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sile garşy degişli çäreleriň görülýändigini aýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Liwiýada Nebit Känleriniň we Portlarynyň Işi Kadalaşdy
Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar