Liwiýada 17 Bäbege Ismail Ady Goýuldy

Liwiýada 17 Bäbege Ismail Ady Goýuldy

Liwiýanyň günbatarynda ýerleşýän Misrata şäherinde düýn doglan 17 bäbege, Eýranyň paýtagty Tähranda janyna kast edilmegi sebäpli ýogalan Hamasyň lideri Ismail Heniýýeniň hormatyna “Ismail” ady goýuldy.

Liwiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Misrata şäherinde düýn doglan 17 bäbege janyna kast edilmegi sebäpli ýogalan Hamasyň lideri İsmail Heniýýeniň hormatyna “Ismail” ady goýuldy.

Öňňin Eýranyň täze Prezidenti Mesud Pezeşkiýanyň kasam ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana giden Hamasyň syýasy lideri Heniýýe janyna kast edilmegi sebäpli ýogalypdy.

Eýran bilen Hamas, wakadan Ysraýylyň jogapkärdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Liwiýada Sil Sebäpli Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar