Liwiýa, Türk Firmalary Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýär

Liwiýa, Türk Firmalary Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýär

Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Wise-premýeri Ramazan Bujenah, ýurduň günorta sebitlerini energetika, oba hojalyk we senagat taýdan ösdürmek üçin türk firmalary bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini aýtdy.

Wise-premýer Bujenah, türk işewürleri we türk firmalarynyň wekilleri bilen Tripolide duşuşdy.

Duşuşykda, türk maýa goýum firmalary bilen Günorta galkynyş gullugynyň arasyndaky gatnaşyklar we türk maýa goýum firmalarynyň tehnalogiýa taýdan gazanan tejribelerinden peýdalanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda, mundan başgada Günorta galkynyş gullugynyň hünärmenlerine tälim berilmegi üçin türk wekiliýeti bilen edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesi hem seljerildi.

Wise-premýer Bujenah, duşuşygyň Liwiýa bilen Türkiýänin arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ähmiýetini görkezýändigine ünsi çekdi.

Liwiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky taryhy gatnaşyklara ünsi çeken Bujenah, iki ýurduň halkynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Liwiýada Köpçülikleýin Mazar Tapyldy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Liwiýada saparda bolýar
Hindistanyň Liwiýadaky Ilçihanasyny Öz Işine Başlady
THÝ-nyň Liwiýa Uçar Saparlary Başlady
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
EFES-2024 Türgenleşigi Geçirildi