Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda uglewodorod serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekişilendigini aýtdy.
Resmi sapar bilen Liwiýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde paýtagt Tripolide Liwiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Nejla Manguş bilen duşuşdy.
Özara duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Çawuşogly, Türkiýäniň Liwiýanyň halkynyň durnuklylygy we parahatçylygy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny nygtady.
Daşary işler ministri Çawuşogly, “Liwiýa bilen edýän gatnaşyklarymyz taryhymyzdan we doganlyk gatnaşyklarymyzdan ylham alýar. Şu gün geçiren gepleşiklerimizde özara gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagy meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Şu gün uglewodorod serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekişdik” diýdi.