Liwiýa Azyk Önümleri Ýarmarkasynda Türk Firmalary Ünsleri Özüne Çekýär

Liwiýanyň paýtagty Tripolide şu ýyl IV geçirilýän Liwiýa Azyk önümleri ýarmarkasyna Türkiýeden 40-den gowrak firma gatnaşýar.

Ýekşenbe güni Liwiýanyň milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbeniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan ýarmarka ýerli we daşary ýurtly 200 firma gatnaşýar.

Türkiýäniň Liwiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kenan Ýylmaz, azyk önümleri marmarkasyna Türkiýeden şu ýyl 44 firmanyň gatnaşýandygyny aýtdy.

Ilçi Kenan Ýylmaz “Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi taýdan ýarmarka uly ähmiýet berýäris. Geljek ýyl marmarka has köp türk firmasynyň gatnaşmagyny we özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagyny aruz edýäris” diýdi.

Marmarka, Marokkodan, Tunisden, Alžirden, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Italiýadan we Ispaniýadan hem birnäçe firma gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Liwiýada Köpçülikleýin Mazar Tapyldy
THÝ-nyň Liwiýa Uçar Saparlary Başlady
Hindistanyň Liwiýadaky Ilçihanasyny Öz Işine Başlady
Türkiyäniň Daşary işler ministri Liwiýada saparda bolýar
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Saýlawlarda ýeňiş gazandy
Türkiyäniň Afrika ýurtlaryna eksporty artýar