
Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji duşuşygynda Liwerpul myhmançylykda Reýnjersi 7:1 hasap bilen ýeňdi.
Iňlis klubunyň düzüminde Mohammed Salah Diogu Žotanyň pasyndan het-trik etdi, ýene-de iki goly Roberto Firmino geçirdi, şeýle hem Darwin Nunýes we Harwi Elliott bir goldan geçirdiler.Reýnjersden Arfilo Skot gol geçirdi.
Liwerpul 9 utuk toplap, toparda ikinji ýerde ýerleşýär, Reýnjers pleý-off-a çykmak mümkinçiliginden mahrum bolup, dördünji ýerde galdy.D toparda Tottenhem öz meýdançasynda Aýntrahtdan üstün çykdy — 3:2.
London klubundan Son Hyn Min dubl etdi.Toparyň ugurdaş duşuşygynda Portugaliýanyň Sportingi öz meýdançasynda Marselden asgyn geldi — 0:2.Tottenhem (7) toparda birinji ýerde, Marsel (6) ikinji ýerde.
Sporting (6) üçünji, Aýntraht (4) — dördünji.