“Liwerpul” bilen “Leipsigiň” arasyndaky oýunda mundan bir aýa golaý öň oýnalan birinji duşuşykda ssenariý gaýtalandy.Bu gezek hem Budapeştäki Puşkaş Arena stadionynda oýnalan oýun 2-0 hasabynda tamamlandy.
Gollary edil birinji oýundaky ýaly yzly-yzyna gysga wagtyň dowamynda Mohamed Salah (70) bilen Sadio Mane (74) öz atlaryna ýazdyrdylar.Olar öňki oýunda 5, bu gezek 4 minutda tapawutlanyp, toparyny 8-nji gezek çärýek finala çykardylar.
Çärýek finalyň galan 4 topary geljek hepdede oýnaljak 1/8 finalyň jogap oýunlaryndan soň belli bolar. Çärýek finalyň bijeleri-de 19-njy martda çekiler.
The post “Liwerpul”“Leipsig”: birinji oýun gaýtalandy appeared first on Zaman Türkmenistan.