Ýewropada futbol möwsüminiň tamamlanyp, transfer möwsüminiň açylmagyndan soň transfer habarlarynyň yzy üzülenok.Köpdän bäri gürrüňi edilýän transferleriň biri-de hakykat ýüzünde amala aşdy. Çempionatda möwsümi garaşylyşyndan şowsuz tamamlan “Liwerpul” topary “Braýton” klubunyň argentinaly ýyldyzy, Dünýä çempiony oýunçysy Aleksis Mak Allisteri transfer etdi. “Liwerpul” kluby 24 ýaşyndaky ýarymgoragçy üçin “Braýtona” 35 million funt sterling tölär.
Aleksis Mak Allister “Liwerpul” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.Ol “Liwerpulda” 10-njy belgili köýnekçäni geýer.Bu köýnekçäni soňky gezek Sadio Mane geýýärdi.
“Argentinos Huniors” toparynda futbola başlan Mak Allister 2019-njy ýyldan bäri “Braýtonyň” köýnekçesini geýip gelýär. Ol “Braýtonda” oýnan 3,5 möwsüminde 112 oýunda 20 gol geçirdi. Mak Allister Argentinanyň ýygyndysynda 16 oýunda 1 gol geçirdi. Şol goly-da Katar 2022 Dünýä Kubogynda Polşanyň ýygyndysynyň derwezesinden girizdi. Ýaş oýunçy Argentinanyň Dünýä Kubogyny eýelemeginde uly rol oýnady.