Liwanyň paýtagty Beýrutda güýçli partlamalar boldy

Liwanyň paýtagty Beýrutda güýçli partlamalar boldy

Ysraýylyň goşunynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Beýrut şäherinde Hizbullaha degişli ýerlere hüjümler guralandygy habar berildi. Beýanatda Ysraýylyň harby uçarlarynyň Hizbullaha degişli ýarag ammarlaryny nyaşana alandygy mälim edildi.

Hizbullah bolsa Ysraýylyň demirgazygyndaky harby nokatlara we ysraýylly esgerlere raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guralandygyny habar berdi.

Hizbullah tarapyndan berilen beýanatda Ysraýylyň demirgazygyndaky Haýfa şäherinde ýerleşýän harby bazanyň köp sanda uçarmansyz howa ulagy bilen nyşana alynandygy aýan edildi.

Ysraýylyň döwlet telewideniýesi KAN-yň Ysraýylyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugy Gyzyl Dawut ýylydyzy jemgyýetinden alan habarynda, Haýfa şäheriniň merkezindäki Karmel we aýlag sebitine gaçan raketalar sebäpli 6 adamyň orta we ýeňil görnüşde ýaralanandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
Owganystanda Balh welaýatynyň häkimine garşy bombaly hüjüm guraldy
Erkin Taganow BAE-de geçirilen halkara karate ýaryşynda bürünç medal eýeledi
12 minutda zarýad berýän enjamyny tanyşdyrdy
Dawut Nazmyradow karatedo boýunça Italiýada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy