Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy

Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy

Liwandan Ysraýyň demirgazygyna 40 raketa we köp sanly uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, Liwanyň günortasyndan Ysraýylyň demirgazygyna 40 raketanyň atylandygy nygtaldy.

Beýannamada, agşamara köp sanly uçarmansyz howa ulagy bilen Liwandan Ysraýylyň demirgazygyna hüjüm guralandygy bellenildi

Howa goranyş ulgamlarynyn uçarmansyz howa ulaglarynyň käbirini hatardan çykarandygy, uçarmansyz howa ulaglarynyň bir böleginiň bolsa Golan depelerine düşendigi ýatladyldy.

Hizbullah tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada bolsa Ysraýylyň harby goşunyna degişli 2 harby merkeziň nyşana alynandygy ýatladyldy.

Beýannamada hüjümlerde çekilen adam pidasy hakynda bolsa maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady