Liwandan Siriýa geçýän adamlaryň sany artýar

Liwandan Siriýa geçýän adamlaryň sany artýar

Liwandan soň Siriýa geçen BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi, sapary barada özüniň X sosial media hasabyndan beýannama berdi.

Grandi: "23-nji sentýabrdan bäri Ysraýylyň howa hüjümleriniň artmagy bilen 250 müň adamyň geçen Siriýa-Liwan serhedine geldim. Ýerli resmiler, Siriýanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti, BMG we hyzmatdaşlary ynsanperwer we netijeli garşylamagy üpjün etmek üçin BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy bilen hepdäniň 7 güni, günüň 24 sagady iş alyp barýar" diýip belledi.

Hizbullah bilen 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndna bäri gözegçilikli çaknyşyklaryny dowam etdirýän Ysraýylyň goşuny, 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasyndaky şäherleri bilen birlikde Bekaa we Baalbek sebitlerine ýüzlerçe gezek howa hüjümlerini gurady.

Liwanyň saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä soňky 1 ýylda 104-i çaga we 194-i zenan bolmak bilen jemi 2 müň 83 adam ýogaldy.

Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah Ysraýylyň goşunynyň 27-nji sentýabrda Beýrutda guran howa hüjüminde öldürilipdi.

Hizbullah bolsa Ysraýylyň hüjümlerine raketalar bilen garşylyk görkezýär. Ysraýyl tarapynda esasan hem harby bazalaryň nyşana alynýan şol hüjümlerde häzirki wagta çenli uly zyýanlaryň çekilendigi barada maglumat berilmedi.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýurduň öz içinde hem ýüzlerçe müň adam başga ýerlere göçmäge mejbur galdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Liwanyň Baalbek sebitinde guran hüjüminde 47 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 50 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi
Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer
Hizbullah Ysraýylyň Demirgazygyna Hüjüm Gurady