Liwandaky türk raýatlaryň ewakuasiýasy dowam edýär

Liwandaky türk raýatlaryň ewakuasiýasy dowam edýär

Daşary işler ministrliginiň habar çeşmeleriniň habaryna görä, Liwandan gaýtmak isleýän türk raýatlary üçin ýörite uçar gatlnawy şu gün Beýrut-Çukurowa-Stambul ugry boýunça amala aşyrylar.

Türkiye ozal 878-i türk, 24-si Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň raýatlary we olaryň dogan-garyndaşlary bolan jemi 966 adamy Liwandan ewakuasiýa edipdi.

Daşary işler ministrliginiň habar çeşmeleri Türkiyäniň Liwandan 2 müň 120 daşary ýurtly raýatyň ewakuasiýasyna kömek edendigini aýan etdi.

Türkiyäniň üsti bilen öz ýurtlaryna howa ýoly arkaly gaýtmak isleýän adamlara kömek edilendigi habar berildi.

Ewakuasiýa kömeginiň ABŞ, Russiýa, Beýik Britaniýa, Kanada, Ýaponiýa, Liwan we Palestina ýaly 21 tapawutly ýurduň raýatlaryna berlendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Londonda 7 golly duşuşyk we soňky ýarym finalçy belli boldy
Oýna girip, het-trik eden 7-nji futbolçy
Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny
“TRT 12 Punkt” Bayrak Gowşurlyş Dabarasy Bilen Yapyldy
ÝUNESKO-da çaý güni bellendi