Liwandaky Partlamalar Saglygy Goraýyş Ulgamyna Agyr Zeper Ýetirdi

Liwandaky Partlamalar Saglygy Goraýyş Ulgamyna Agyr Zeper Ýetirdi

Gebreýesus guramanyň hepdelik metbugat ýygnagynda gün-tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly wakalar hakynda beýannama berdi.

Liwanda partlan aragatnaşyk enjamlary sebäpli çekilen adam pidalary boýunça Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen ýakyndan işleşýändiklerini aýdan Gebreýesus; “Bu wakalar Liwanyň onsuz hem durnuksyz bolan saglygy goraýyş ulgamyna uly zeper ýetirdi.

BSGG we ýaranlary birnäçe aýdan bäri köpçülikleýin adam pidalaryna sebäp bolýan wakalara taýýarlanmak we olara çäre görmek üçin Liwana goldaw berýär. Şeýle wakalara çäre görmek üçin ýurtdaky hassahanalaryň üçden iki böleginnde işlemekleri üçin 5 müňden gowrak saglyk işgärine tälim berdik” diýdi.

Gebreýesus hyzmatdaşlary bilen gan enjamlary we gan testi enjamlary ýaly gyssagly zerurlyklary üpjün etmek hem-de saglygy goraýyş ulgamyny nähili işleýändigi bilen ýakyndan gyzyklanmak üçin işgärlere okuw-seminarlarynyň geçilendigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Karadagyň Prezidenti Ankarada Saparda Boldy
Ysraýyl ýaraşygy bozup, Liwanda azyndan dokuz adamy öldürdi
Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Siriýada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Ysraýyl Liwan bilen gazanylan ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozýar