Liwanda ýene-de aragatnaşyk enjamlary partlady

Liwanda ýene-de aragatnaşyk enjamlary partlady

Düýn agşam ýurduň paýtagty Beýrut şäherinde we ülkäniň başga ýerlerinde, Hizbullah tarapyndan ulanylan aragatnaşyk enjamlarynyň (rasiýa) partlamagy netijesinde 20 adam ýogaldy, 450 adam ýaralandy, käbir öýlerde we ulaglarda ýangyn ýüze çykdy.

Partlamalaryň biri sişenbe güni peýjerleriň partlamagynda ýogalanlar üçin geçirilen jynaza çäresinde boldy.

Beýleki tarapdan Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýyl Sur şäheriniň golaýynda öýleriň birine howa hüjümini gurady.

Hüjümiň netijesinde 1 zenan ýogaldy, Ysraýyla degişli howa ulaglarynyň sebitde uçmaga dowam edýändikleri habar berildi.

Hizbullahyň ýokary derejeli resmileriniň biri bolan Haşem Safieddine täze bir hüjümler tolkunyna sezewar galandyklaryny belläp, onuň çürt-kesik jezasynyň bolmalydygyny beýan etdi.

Habar çeşmeleri Hizbullahyň rasiýalary 5 aý ozal, sişenbe güni partladylan peýjerler bilen bilelikde satyn alynandygyny habar berdiler.

Sişenbe güni peýjerleriň partlamagy netijesinde bolsa 2-si çaga 12 adam ýogalypdy, takmynan 3 müň adam bolsa ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 4 Adam Ýaralandy