Liwanda türk raýatlar ewakuasiýa edilýär

Liwanda türk raýatlar ewakuasiýa edilýär

Liwana ynsanperwer kömegini alyp baran Türkiyäniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeligine degişli amfibiýa gämileri TCG Baýraktar we TCG Sanjaktaryň ýükleri Beýrut Portuna düşürildi.

TCG Baýraktara, ewakuasiýa üçin taýýarlyk görüleninden soň, aglabasy türk raýatlary bolan raýatlar, geçirilen barlaglardan soň kabul edilmäge başlandy.

Gämä münenleriň arasynda ýaşulular, maýyplar, çagalar we bäbekler hem bar.

Ynsanperwer kömekleriň düşürilmek tapgyry tamamlanan TCG Sanjaktar gämisine hem görülen taýýarlyk işlerinden soň raýatlar mündirildi.

Gämileriň ikisem işler tamamlanmagyndan soň Türkiyä tarap ýola çykdy.

Türk guramadyr-edaralaryna ýüz tutan tapawutly ýurtlaryň raýatlary hem bu gämiler bilen ewakuasiýa edilýär.

Türkiye, 2006-njy ýylda 34 gün dowam eden Ysraýyl-Liwan urşunda hem türk raýatlarynyň ewakuasiýasyny amala aşyrypdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýyl Günorta Liwanda 22 adamy Öldürdi
ABŞ: Liwan-Ysraýyl Ylalaşygy 18-nji Fewrala Çenli Uzaldyldy
Hakan Fidan G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar
Ysraýyl ýaraşygy bozup, Liwanda azyndan dokuz adamy öldürdi