Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Liwanyň Saglygy goraýyş ministri Firas al-Abýad Beýrutda waka bilen bagly soňky maglumatlar barada beýannama berdi.

Aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalanlaryň sanynyň 2-si çaga 12 adama ýetendigini, ýaralananlaryň sanynyň 2750 bilen 2800 aralygyndadygyny aýdan Abýad, agyr ýagdaýda ýaralananlaryň sanynyň 300 töwerekdigini we reanimasiýada bejergileriniň dowam edýändigini, 460 adamyň operasiýa edilendigini, şolaryň aglabasynyň gözlerinden we ýüzlerinden ýaralanandygyny habar berdi.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministri Firas al-Abýad Ysraýyl ýaly duşman bir ýurtdan islendik mahal hüjümiň guralmagyna garaşýandyklary üçin, saglygy goraýyş taýdan ähli taýarlyklary we üpjünçilikleri tamamlamak ugrunda ozaldan ädim edendiklerini beýan etdi.

Liwanda düýn Hizbullahyň agzalary tarapyndan ulanylan aragatnaşyk enjamlary şol bir wagtyň özünde partlapdy.

Liwanly resmiler wakanyň jogapkäri diýip aýdýan Ysraýyldan waka bilen bagly entek beýanat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Liwanda ýene-de aragatnaşyk enjamlary partlady
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady
Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna hüjüm gurady