Litwanyň seými Ingrid Şimoniteni ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady

Litwanyň seými Ingrid Şimoniteni ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady

Litwanyň seými (Mejlisi) ýurduň Prezidenti Gitanas Nauseda tarapyndan hödürlenen Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ygtyýarlylyklaryny ýerine ýetirýän Ingrid Şimoniteni Respublikasynyň hökümet başlygy wezipesine tassyklady. Seýmiň plenar maslahatynda onuň üçin deputatlaryň 70 si goldap, ses berdi, 28 deputat garşy çykdy we 23 kanunçykaryjy saklandy diýip, TASS habar berýär.

Täze Ministrler Kabinetin üç aý töweregi işlär, onuň ygtyýarlylyk möhleti nobatdaky parlament saýlawlarynyň geçjek aýy bolan oktýabrda dolar. Ondan soňra täze kabinet düzüler.

Seýmde çykyş eden hanym Şimonite galan döwürde bilim, howpsuzlyk we energetika ulgamlardaky maksatnamalaýyn işleri tamamlajakdyklaryny habar berdi.

Parlamentde tassyklanandan soňra, premýer-ministr Ministrler Kabinetini düzmäge girişýär. Öňki ýa-da täze ministrleri Prezident makullamaly. Litwanyň Ministrler Kabineti Prezident resmi taýdan wezipesine girişenden soňra, öz ygtyýarlylyklaryny bes edýär. Litwada 12-nji iýulda Nauseda ikinji möhlete Prezident wezipesine girişdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly ýerine ýetirijiler Russiýada halkara opera bäsleşigine gatnaşarlar
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada habar berildi
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar
Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi
Zelenskiý: "Has köp howa goranyş ulgamyna zerurlygymyz bar" diýdi