Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy

Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy

Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy diýip, Habar 24 ýazýar. Portugaliýanyň paýtagtyna dünýäniň çar künjeginden bir milliondan gowrak zyýaratçy geldi.

Çäre ýurduň bütin taryhynda iň köp adamly bolar. Onuň üçin Portugaliýanyň hökümeti we Katolik Ybadathana 160 million ýewro bölüp berdi.

Lissabonyň köçelerinde howpsuzlygy berjaý etmek üçin 16 müňe golaý poliseý nobatçylyk çekýär. Çäräniň esasy wakasy oňa Rim Papasy Fransiskiň gelmegi bolar. Pontifik talyplar, meýletinçiler, diplomatlar we hökümet wekilleri bilen duşuşar.

Bütindünýä ýaşlar güni 1986-njy ýylda esaslandyryldy we dürli ýurtlarda her 2-3 ýyldan bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Italiýadan soň Braziliýa (Dünýä Kubogy 1962)
“Mançester Sitini” 4-1 ýeňen “Sporting” topary “Arsenaldan” 5-1 utuldy
ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi bilen bagly täze teklipler hödürlenildi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär
Dynç almak üçin iň arzan şäherler