Lissabon geljegiň şäheri

ABŞ-nyň Cognizant korporasiýasynyň geçiren barlaglarynda, dünýäniň 150-den gowrak şäheriniň arasynda Lissabon özüniň uniwersitetleriniň hili, infrastrukturasy we howpsuzlygy bilen tapawutlanyp, geljegiň 21 şäheriniň biri hökmünde öňe saýlandy. Şeýle-de, Lissabon hususy maýa elýeterliligi, durnukly ýerli dolandyryşy we durnukly şäher bolmagy bilen tapawutlanýar.

Beýleki tarapdan, Portugaliýanyň paýtagty medeni we güýmenje hödürlemeleri, şeýle hem ýokary durmuş derejesi bilen tanalýar.Lissabon geljekde işewürligi öňe sürjek global innowasiýalaryň we täze pikirleriň merkezi hökmünde kesgitlenildi.

Lissabondan başga-da, geljegiň şäherleriniň sanawyna Tel-Awiw (Ysraýyl), San-Paulo (Braziliýa), Wellington (Täze Zelandiýa), Dandi (Şotlandiýa), Toronto (Kanada), Atlanta, Sakramento we Portlend (ABŞ), Koççi (Hindistan), Songdo (Koreýa Respublikasy), Tallin (Estoniýa), Şençžen, Haýdýan we Pekin (Hytaý), Naýrobi (Keniýa), Lagos (Nigeriýa) we Danang (Wýetnam) girdi.

Cognizant-yň wekilleriniň pikiriçe, geljegiň 21 şäheri hökümetlere we kärhanalara beýleki ösýän ýurtlaryň üstünliklerini öwrenmäge mümkinçilik berýän ýol kartasydyr.

The post Lissabon geljegiň şäheri appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Dýokereşiň het-trigi “Mançester Sitiniň” ýeňlişsiz seriýasyna soňky nokady goýdy
ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi bilen bagly täze teklipler hödürlenildi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär
Dynç almak üçin iň arzan şäherler
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler