Lionel Messiniň 45-nji kubogy

Yzly-yzyna 2-nji gezek Kopa Amerikany gazanan Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany, super ýyldyz Lionel Messiniň kuboklarynyň sany 45-e ýetdi.Mälim bolşy ýaly, Messi bu ugurda rekordy “Inter Maýami” toparynda gazanan kubogy bilen ozal täzeläpdi.

Häzirki wagtda Messi futbolyň taryhyndaky iň köp kubok gazanan futbolçy bolup, ozalky rekord 43 kubok bilen braziliýaly Dani Alwese degişlidi.Messi milli ýygyndy bilen Dünýä Kubogyny, 2 gezek Kopa Amerikany, şol sanda “Finalissimony” gazandy. 2005-nji ýylda Argentinanyň U20 topary bilenem Dünýäniň çempiony bolan Messide Pekin 2008 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medaly hem bar.

Messi klublarda “Barselonada” 35, PSŽ-de 3, “Inter Maýamide” bolsa 1 kubok gazanmagy başardy.Lionel Messi şol bir wagtyň özünde Kopa Amerikada 25 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bu iň ýokary görkezijidir.

Messi bu görkezijä 39 oýunda ýetmegi başardy.Messiden öň braziliýaly Zizinio 23 oýunda ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Argentinamy ýa-da Kolumbiýa?!
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Amerikanyň kubogy ― 2024: Argentina Messiniň goly bilen finala çykdy