Limada Dünýäde iň ýönekeý muzeý açyldy

Limada Dünýäde iň ýönekeý muzeý açyldy

Peru döwletiniň paýtagtynda Dünýäde iň ýönekeý muzeý açyldy diýip, Habar 24 ýazýar. Ol resmi taýdan şeýle hem atlandyrylýar. Ony 72 ýaşly ylmy barlagçy Enrike Niki döretdi.

Muzeýiň maksady Çilýon derýasynyň jülgesindäki gadymy adamlaryň özboluşly taryhy mirasyny gorap saklamakdan ybaratdyr. Olar häzirki zaman Peruwyň çäginde inklerden hem öň ýaşapdyrlar.

Surat:twitter.com

Muzeýdäki ähli maglumatlardyr eksponatlar köp onýyllyklaryň dowamynda özbaşdak toplanylypdyr. Enrike özüni öwrenje arheolog diýip atlandyrýar, sebäbi onuň gutarylmadyk orta bilimi bar, şeýle-de uniwersitetde okamandyr, emma bu oňa gadymy halklar barada üç kitap ýazmaga hem-de ýurduň paýtagtynda muzeý açmaga päsgel bermändir.

Ýene degişli makalalar

Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Dublin ýaşaýjylarynyň ulag dyknyşyklarynda geçiren wagty boýunça öňdeligi eýeledi
Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda birnäçe medallara mynasyp boldular
Türkmenistanly agyr atletikaçylar ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda ýedi medal gazandylar