
PSŽ Liga 1-iň 29-njy tapgyrynda Lion futbol toparyny kabul etdi. Park de Prensde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy ― diýip, Çempionat habar berýär.
Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 56-njy minutda Lionyň hüjümçisi Bredli Barkol geçirdi. Goluň assisti Sael Kumbediden geldi.
39-njy minutda Lionda hüjümçi Aleksandr Lakazet 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi.
29 tapgyrdan soň 66 utukly PSŽ ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Lans bilen Marsel öňdebaryjydan 6 utuk yzda. 44 utukly Lion bolsa ýaryş tertibiniň dokuzynjy basgançagynda.
PSŽ-niň Kristof Galtýeniň ýolbaşçylygyndaky soňky 10 duşuşygynda eýýäm altynjy gezek ýeňlendigini aýtmak gerek.