Liftleri bejermegiň ýerine ýaşaýjylara töwella gelýärler

Liftleri bejermegiň ýerine ýaşaýjylara töwella gelýärler

Aşgabadyň Parahat-7 kiçi etrapçasynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda ilata hyzmat edýän liftleriň ýaşaýjylaryň rahatlygyna uly zeper ýetirýändigi baradaky maglumatlar ozalkylygynda galýar.

Şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Parahat-7 kiçi etrapçasynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndaky liftleriň kadaly işlemeýändigi sebäpli, ýaşaýjylaryň kösenmeli bolýandyklary barada habar berlensoň, Parahat-7 kiçi etrapçasynyň 19-njy jaýynyň 4-nji girelgesinden bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, Aşgabatliftiň işgärleri onuň öýüne gepleşik geçirmäge gelipdir.

Onuň sözüne görä, Aşgabatliftiň Parahat-7 kiçi etrapçasyndaky 4-nji bölümçesiniň bir resmisi we ussa lifti bejermäge däl-de, liftleriň kadaly işlemeýänligi sebäpli gep-gürrüň edilmezligini sorap, töwella gelipdirler.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

margin-bottom: 32px;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

“Liftler könelýär, olaryň rezin germewleri hatardan çykýar, siziň girelgäňizdäki liftiň gapysynyň roligi zaýalanypdyr.Ony satyn alyp täzelemäge bizde serişde ýok.Döwlet tarapyndan bize pul serişdesi hem, ätiýaçlyk şaýlar hem berilmeýär.

Her bir hatardan çykýan liftiň ätiýaçlyk şaýlaryny öz hasabymyza satyn alyp goýmaga ýagdaýymyz ýok, alýan aýlygmyz maşgala eklenjimize zordan ýetýär” diýip, Aşgabatlift edarasynyň işgärleri ýaşaýja ozalky beren jogaplaryny gaýtalapdyrlar.

Aşgabatliftiň resmileriniň bu saparynyň näme maksat bilen bolandygyna ýaşaýjy düşünmän galandygyny aýdýar.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

margin-bottom: 32px;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

“Ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, liftleri ulanyşyga berlenine ýaňy 5 ýyl geçende olar sandan çykýan bolsa, ony bejermäge döwletde ätiýaçlyk şaýlary ýa pul serişdesi tapdyrmasa, liftleriň mundan soňky ýagdaýy we olaryň ýaşaýjylara ýetirjek zeperi nähili bolar?” diýip, ýaşaýjy aýdýar. Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyran ýaşaýjylardan her ýylda liftleri ulanýandyklary üçin, 5 manat puluň alynýandygyny hem ol sözüne goşýar.

”Ýaşaýjylardan diňe pul talap edilýär. Emma döwlet tarapyndan edilmeli hyzmatlar ýerine ýetirilmeýär. Ilatyň arza-şikaýaty haýsy ugra degişli bolsa-da, ol Türkmenistanda diňlenmeýär. Arza-şikaýat etseň, arkasy tutulýan, özleriniň kürsüde berk oturýandygyna ynanýan resmiler işi düzetmän, arzaça göz görkezmek maksady bilen, meseläni has hem çylşyrymlaşdyrýarlar” diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň käbir obalarynda sil zerarly telefon aragatnaşygy ýok
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Aşgabatda lift näsazlygy zerarly göwreli gelin öldi
Türkmenistanyň jemagat hojalygy gullugynyň işgärlerine artykmaç iş sagady üçin hak tölenmeýär
Ýeralma barada gyzykly maglumatlar
Ýankompýuterlerini tanyşdyrdy