Günorta Amerikanyň Çempionlar ligasy bolan “Libertadores” kubogynyň finalynda iki argentin topary, ezeli bäsdeşler “Riwer Pleýt” bilen “Boko Huniors” klublary duşuşar. “Superklasiko” (Superclasico) atly bu dünýä belli derbiniň 1-nji duşuşygy 10-njy noýabrda “Boko Huniorsyň” stadionynda, jogap oýny-da 24-nji noýabrda meşhur “Monumental” stadionynda oýnalar.
Ilkinji gezek “Libertadores” kubogynyň finalynda duşuşjak bu toparlar ýarym finalda brazil klublaryndan üstün çykmagy başardy. “Riwer Pleýt” ýarym finalda öz meýdançasynda “Gremiodan” 10 utulsa-da, myhmançylykda 21 ýeňmegi başardy. “Boko Huniors” bolsa, öz meýdançasynda “Palmeirasdan” 20 üstün çykdy.
Jogap oýny 22 deňlikde tamamlandy.“Boko Huniors” mundan ozal 10 gezek “Libertadoresiň” finalynda çykyş edip, şolaryň 6-synda kubogy gazandy. 5 gezek finala çykan “Riwer Pleýt” bolsa, 3 sapar çempion diýen ady eýeledi. “Boko Huniors” soňky sapar 2007-nji ýylda, “Riwer Pleýt” bolsa 2015-nji ýylda çempion bolupdy.
Iki topar häzire çenli 246 gezek gabatlaşdy. “Boko Huniors” 88, “Riwer Pleýt” 81 sapar ýeňiş gazandy. 77 oýun hem deňlikde tamamlandy.Bu final argentin toparlarynyň arasyndaky ilkinji final bolar.
Mundan ozal, “Libertadores” kubogynda 1 ýurduň 2 wekili 2005-nji we 2006-njy ýyllarda duşuşypdy.Brazil klublarynyň özara duşuşygynda 2005-nji ýylda “Sao Paulo” topary “Atletiko Paranaenseden”, 2006-njy ýylda-da “Internasional” topary “Sao Paulodan” üstün çykypdy.
Başgaça aýdylanda, bu oýun 1 ýurduň 2 wekiliniň arasyndaky 3-nji final bolar.