Libertadores kubogynyň eýesi “Riwer Pleýt”

Günorta Amerikanyň iň uly kubogy bolan Libertadores kubogyny Argentinanyň “Riwer Pleýt” topary eýeledi.Olar final duşuşygynyň jogap oýnunda, has takygy, “Superklasiko” derbisinde ezeli bäsdeşi “Boko Huniorsdan” üstün çykmagy başardy. 24-nji noýabrda oýnalmaly duşuşygyň wagty hem-de ýeri ýüze çykan käbir wakalardan soň, üýtgedilipdi.

Ispaniýanyň paýtagty Madriddäki “Santiago Bernabeu” stadionynda oýnalan jogap duşuşygyna urugwaýly Andres Kunýa eminlik etdi. 11-nji noýabrda “Boko Huniorsyň” stadionynda oýnalan 1-nji duşuşyk 22 deňlikde tamamlanypdy.Jogap oýnunda myhmançylykdaky “Boko Huniorsyň” hüjümçisi Dario Benedetto 44-nji minutda hasaby açdy. 68-nji minutda Lukas Pratto hasaby deňledi.

Netijede, 2-nji oýnuň esasy wagtynda ýeňiş gazanan bolmady.Goşmaça wagtda-da, has takygy, 109-njy minutda Huan Kintero “Riwer Pleýti” öňe saýlady. 92-nji minutda bir oýunçysy gyzyl kart alan “Boko Huniors” 120+2-nji minutda-da Gonzalo Martinesiň goluna çäre tapyp bilmedi. Şeýlelikde, 2 oýnuň netijesi boýunça 53 (22, 31) üstünlik gazanan “Riwer Pleýt” taryhyndaky 4-nji Libertadores kubogyny asmana göterip, “Estudiantes” bilen deňleşdi.

Argentinada 36 gezek çempion bolan “Riwer Pleýt” Libertadores kubogyny mundan ozal, 1986-njy, 1996-njy hem-de 2015-nji ýyllarda eýeläpdi. Ilkinji gezek 2 argentin toparynyň finala çykan Libertadores kubogy ýaryşy 1960-njy ýyldan bäri geçirilýär.

Häzire çenli bu arzyly kubogy iň köp argentin klublary gazandylar.Olar 25 gezek yklymyň iň uly kubogyna eýelik etdiler.Kubogy iň köp alan topar “Independiente” bolup, olar soňky sapar 1984-nji ýylda çempionlyk gazanypdy.

Bu topar 7 gezek finala çykyp, ählisinde-de kubogy ýokary galdyrypdy. 5 finaldan eli boş gaýdan “Boko Huniorsyň” 6, Urugwaýyň “Penýarol” toparynyň-da 5 çempionlygy bar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
Myhmançylykda 20 ýeňse-de finala çykyp bilmedi
Dünýäniň täsin stadionlary 3
2-nji liga düşen klub ýurduň kubogyna mynasyp boldy
“Palmeiras” finalyň bosagasynda
19 ýyldan soň yzly-yzyna 2-nji gezek ýeňdi
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy