
LG kompaniýasy özüniň blu-ray pleýerleriniň, şol sanda UBK80 we UBK90 kysymlarynyň önümçiligini bes etmek kararyna geldi.
Tom's Hardware neşiriniň ýazmagyna görä, Sony we Samsung bazardan gidenden soňra bu kompaniýa blu-ray pleýerleriň iň soňky iri önümçilikçileriniň biri boldy. Emma ol islegiň azalmagy hem-de sanly ülňülere köpçülikleýin geçilmegi bilen ýüzbe-ýüz galdy diýip, rg.ru ýazýar.
Häzirki wagtda bu bazarda ýeke-täk iri öndüriji Panasonic kompaniýasydyr.