Leýli Garýagdyýewa Sankt-Peterburgda geçirilen Sazçylyk ýaryşy bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy

Leýli Garýagdyýewa Sankt-Peterburgda geçirilen Sazçylyk ýaryşy bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýagdyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterbug şäherinde çagalar sazçylyk mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen IX bütinrus ýerine ýetirijilik Sazçylyk ýaryşy atly bäsleşige gatnaşyp, baýrakly üçünji orna mynasyp boldy.

Bu bäsleşik şu ýylyň 1 — 25-nji oktýabry aralygynda geçirilip, oňa 16 müňde golaý çaga gatnaşdy. Leýli Garýagdyýewa bu bäsleşige gatnaşyjy 1 müň 40-njy çaga bolup hasaba alyndy.

Bäsleşige Leýli Garýagdyýewa onlaýn görnüşde gatnaşdy we bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda Sergeý Rahmaninowyň Etýud suraty atly saz eserini ýerine ýetirdi. Bäsleşigiň eminler topary Leýli jigimiziň başarnygyna ýokary baha berdiler.

Belläp geçsek, Leýli Garýagdyýewa mugallymy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Bagtygül Seýitgulyýewanyň halypalyk etmeginde alty ýaşyndan bäri fortepiano saz guralyny çalmagyň inçe syrlaryny öwrenip gelýär.

Ýene degişli makalalar

Leýli Garýagdyýewa VIII halkara sungat bäsleşiginiň üçünji derejeli garmoniýa diplomyna mynasyp boldy
Türkmenistanly mekdep okuwçysy IX bütinrus ýerine ýetirijilik Sazçylyk ýaryşy atly bäsleşikde ýeňiji boldy
Türkmenistanly ýaş pianinoçy nobatdaky gezek halkara saz bäsleşiginde ýeňiji boldy
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi
Belentden ýaňlanan owazlar