Lexus kompaniýasy ýapon bazaryna F Sport Performance-iň täze modifikasiýasy bolan sedan IS 500-i çykarandygyny yglan etdi. Şeýle wersiýa bilen ABŞ-nyň bazary eýýäm tanyşdyrylypdy, ýöne ýerli ulanyjylar üçin Lexus çişirilmeýän V8-i 5,0 litre çenli kuwwatlandyrdy.
Kompaniýa onuň dinamiki häsiýetnamasyny bermekden entek saklanýar: sportsedana sargytlar 25-nji awgustda kabul edilip başlanýar we has anyk maglumatlar gijräk mälim ediler.
ABŞ-da Lexus IS 500 F Sport Performance-iň hereketlendirijisi 479 at güýjüne eýe, Ýaponiýada bolsa sedan 481-güýçli modifikasiýa bilen satylar.Aýlanýan pursadyň görkezijisi iki ýagdaýda-da birmeňzeş - 536 Hm. Şeýlelikde, sportsedan takmynan 4,5 sekundyň içinde 100 km/s-a çenli tizligini artdyrmaly.
Bu BMW M3-iň 480-güýçli wersiýasynyň tizligini artdyryşynyň wagty bilen deňeşdirilende 0,3 sekunt köpdür.F Sport Performance wersiýasy kuwwatly hereketlendirijisinden başga-da, ýaňadan otkalibrlenen stabilizasiýa ulgamlary, döwrebaplaşdyrylan adaptiw podweskasy we öňi 356-millimetrlik we yzky okunda 323-millimetrlik diskli uly tormozlary bilen tapawutlanýar.
Lexus IS-iň täze wersiýasynyň esasan daşky tapawutly taraplary: güberçek kapotly, bamperleri üsti ýetirilip işlenen, 19 dýumlyk üýtgeşik teker diskli we dört sany gaz çykarýan sowma turbaly.Bezegi üýtgänsoň dört gapyly ulagyň uzynlygy 50 millimetr artdy.
Salondaky sport oturgyçlarynda ýelejirediji we üýtgeşik bezeg bolar, destiniň daşyna bolsa hakyky deri çekilendir. Şeýle Lexus IS-iň ilkinji 500 nusgasy aýratyn kaşaň First Edition ýerine ýetirilişde satylar, ýöne olary satyn almak üçin lotereýa oýnalar.
Oňa gatnaşmak üçin arzalary kompaniýa 25-nji awgustdan 15-nji sentýabr aralygynda kabul etmegi meýilleşdirýär.Täze ulagyň açyk satuwy gyşda başlanar.