Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi

Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi

Ýaponiýada Lexus kompaniýasy NX krossoweri üçin sargytlary kabul etmesini togtatdy.Automotive News-yň ýazmagyna görä, bu ýagdaý zawodlaryň islegleri kanagatlandyrmaga ýetişmeýändigi bilen baglydyr.Sargyt edilen wsedorožnigi almak üçin bir ýyldan gowrak garaşmaly bolýar. Öň şunuň ýaly sebäp bilen bagly Toyota Motor korporasiýasy hem Land Cruiser 300 we Lexus LX wsedorožniklerine sargyt almasyny bes edipdi, olara Lexus-yňkydanam kän garaşmaly bolýardy.

Ýaponiýada Toyota Motor-yň bir topar modellerine nobatyň artmagy ulaglary ýygnaýjy konweýerleriň wagtal-wagtal saklanmagy bilen düşündirilýär.Bu arakesmeler logistiki zynjyryň bökdençlikleri we mikroelektronika bazaryndaky çökgünlik bilen bagly.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Toyota önümçilik meýilnamasynda bellenenden takmynan 400 müň awtoulag yza galýar.Meýilnamanyň yzyndan ýetmek üçin konserniň zawodlary her aýda 840 müň ulag ýygnamaly bolarlar. Öň habar berlişi ýaly, konsern henizem ýylda 9,7 million awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär, emma, mysal üçin, iýulda goýbermegi göz öňünde tutýany 800 müň ulagdan artyk däl.

Toyota we Lexus wnedorožniklerine görlüp-eşidilmedik nobat, öňünden çaklanylyşy ýaly, täze ulaglaryň bir ýyllap satuwa çykmazlygyna getirer.Konsern Land Cruiser 300 we LX 600 üçin täzeden sargytlary kabul etmäge diňe 2023-nji ýylyň ortalaryna başlap biler.

Ýene degişli makalalar

Toyota Tundra IIHS synaglarynda aňrybaş howpsuzlyk reýtingini gazandy
Toyota Land Cruiser 300 we Lexus LX üçin sargytlary kabul etmegi togtatdy
Kodzi Sato 1-nji aprelden Toyota kompaniýasyna ýolbaşçy bellener
Satuwy ýokarlandy
Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar