Germaniýanyň çempionatynda soňky 6 möwsümden bäri “Bawariýa” täze möwsüme ýeňiş bilen başlaýardy. Ýöne bu gezek olar şol ýörelgesine eýerip bilmediler. “Herta” bilen 22 deňme-deň oýnan “Bawariýanyň” gollaryny polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski derwezä girizdi (Lewandowski 24, 60 p — Lukebakio 36, Gruýiç 38).
Ol “Bundesligada” yzly-yzyna 5 möwsümde 1-nji tapgyrda tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy.Wise-çempion “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda Augsburgy 51 hasabynda ýeňip, möwsüme şowly başlady.Dortmundlylaryň gollaryny Alkaser (3, 59), Sanço (51), Roýs (57) hem-de Brandt (82) tora ýollady. Şeýle-de “Leipsig” myhmançylykda ilkinji gezek “Bundesliga” çykan “Union Berlini” 40 hasabynda utdy.1-nji tapgyryň netijeleri: BawariýaHerta: 22, WerderF.
Düsseldorf: 13, FraýburgMaýns: 30, WolfsburgKöln: 21, BaýerPaderborn: 32, Borussiýa DAugsburg: 51, Borussiýa MŞalke: 00, AýntrahtHoffenhaým: 10, UnionLeipsig: 04.