Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi

Katar 2022-de “C” toparçada çykyş etjek Polşanyň ýygyndysynyň düzümi mälim edilip, tälimçi Çeslaw Mihnewiç düzüme Lewandowski, Milik, Zenlinski, Şensny, Zalewski ýaly futbolçylary çagyrdy. Çagyrylan 26 futbolçynyň 11-si italýan klublarynda çykyş edýär. Polşanyň ýygyndysy Argentinadyr Meksikanyň hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

DERWEZEÇILER: Bartlomeý Drongowski (Spesiýa), Woýçeh Şensny (Ýuwentus), Lukaş Skorupski (Bolonýa);

GORAGÇYLAR: Ýan Bednarek, Metti Keş (ikisem Aston Willa), Bartoş Bereşinski (Sampdoriýa), Kamil Glik (Benewento), Robert Gumny (Augsburg), Artur Ýenžeýçik (Legia), Ýakub Kiwer (Spesiýa), Mateuş Weteska (Klermon), Nikola Zalewski (Roma);

ÝARYMGORAGÇYLAR: Krystian Belik (Birmingem), Pşemyslaw Frankowski (Lans), Kamil Grosiski (Pogon), Ýakub Kaminski (Wolfsburg), Gžegož Kryhowýak (Al-Şabab), Mihal Skuras (Leh), Damian Şimanski (AEK), Sebastian Şimanski (Feýenoord), Petr Zelinski (Napoli), Şimon Žurkowski (Fiorentina);

HÜJÜMÇILER: Robert Lewandowski (Barselona), Arkadiuş Milik (Ýuwentus), Kşiştof Pýontek (Salernitana), Karol Şwiderski (Şarlott).

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary
“Sewilýanyň” antirekordy, Ramosyň rekordy
Ýeňlişsiz topar galmady
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
“Serie A-nyň” täze möwsümi