Lew Ýaşin adyndaky baýraga Donnarumma, Noýer we Kurtua dalaşgär görkezildi

Lew Ýaşin adyndaky baýraga Donnarumma, Noýer we Kurtua dalaşgär görkezildi

Abraýly fransuz žurnaly bolan “France Football” dünýäniň iň gowy derwezebanyna berilýän Lew Ýaşin adyndaky baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Sanaw redaksiýanyň resmi Twitter sahypasynda çap edildi diýip, championat.com habar berdi.

Sanawa şu aşakdaky derwezeçiler girmegi başardylar:

Italiýaly Gianluigi Donnarumma ("PSŽ"), germaniýaly Manuel Noýer ("Bawariýa"), braziliýaly Ederson ("Mançester Siti"), sloweniýaly Ýan Oblak ("Atletiko"), sloweniýaly Samir Handanowiç ("Inter"), daniýaly Kasper Şmeýhel ("Lester"), belgiýaly Tibo Kurtua (Madridiň "Realy"), senegally Eduard Mendi ("Çelsi"), argentinaly Emiliano Martines ("Aston Villa") we kosta-rikaly Keýlor Nawas ("PSŽ").

Baýrak gowşurylyş dabarasy 29-njy noýabrda Pariždäki "Şatle" teatrynda bolar. Ýatlap geçsek, Ýaşin “Altyn topy” gazanan taryhda ýeke-täk derwezeçidir. Bu waka 1963-nji ýylda bolup geçipdi.

Ýene degişli makalalar

ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
Manuel Noýer FIFA boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi