Lenovo Group kompaniýasy nobatdaky çärýek ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabata laýyklykda, onuň girdejisiniň 20,1 mlrd dollara barabar bolandygy mälim boldy.
Personal kompýuterleriň bazarynda öňdeligi elden bermän gelýän hytaý öndürijisi üçin bu uly üstünlikdir, diýip, ixbt.com belleýär. Hasabaty düzüjiler Lenovo-nyň innowasiýalara ep-esli serişde goýmagyny dowam edýändigini belleýärler.