Ledi Gaga ABŞ-nyň Medeniýet guramasyna ýolbaşçylyk eder

Ledi Gaga ABŞ-nyň Medeniýet guramasyna ýolbaşçylyk eder

Meşhur amerikan aýdymçysy we artisti Ledi Gaga Ak tamyň sungat we medeniýet guramasyna bilelikde başlyklyk eder.

13 gezek Gremmi baýragyna mynasyp bolan Ledi Gaga Forbesiň dünýäniň iň täsirli zenanlarynyň sanawyna we Time žurnalynyň dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň sanawyna girmegi başardy.

Guramanyň ýene bir başlygy hökmünde prodýuser Brýus Koen bellendi. Geňeş agzalarynyň arasynda Jorj Kluni, Jennifer Garner, Şonda Raýms we Jon Batiste ýaly artistler hem bar.

Medeniýet we sungat guramasy 1982-nji ýylda döredildi. Guramanyň wezipesi, Prezidente medeniýet ulgamynyň syýasy meseleleri boýunça maslahat bermekden ybarat.

Aýdymçy haýyr-sahawat işlerine hem işjeň gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Aýdymçy Beýonsäniň hormatyna baýramçylyk döredildi
Türkmenistanyň mekdeplerinde iň soňky jaň kakyldy, Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan sergi dowam edýär, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet günleri üçin Ýerewana ugrar we beýleki habarlar
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Bilesiň gelýärmi? gepleşiginde Gremmi barada gürrüň berilýär
Aýdymçy Brýus Springstin ähli aýdymlaryny satmakçy
Gremmi Baýraklarynyň Gowşurlyş Dabarasy Yza Süýşürildi