LeBron we onuň ýoldaşlary

“NBA All Star” basketbol şüweleňinde LeBron Jeýmsiň topary Jiannis Antetokunmponyň toparyndan üstün çykdy.ABŞ-nyň Şarlott şäherinde oýnalan “All Star” duşuşygynda LeBronyň topary 178164 hasabynda ýeňiş gazandy.

Biri-birinden owadan hereketlere baý bolan oýunda LeBronyň toparynyň esasy düzüminde Körri, Harden, Durant, Jorj hem-de Jeýmsiň özi çykyş etdi.Jiannisiň toparynda bolsa, onuň özünden başga Wolker, Irwing, Leonard hem-de Emiid esasy düzümde meýdança çykdy.

Duşuşygyň 1-nji çärýeginde Jiannisiň topary has erjellik görkezenem bolsa, soňky 3 çärýekde LeBron we topardaşlary şowly oýun görkezdiler.Netijede, 178164 hasabynda LeBronyň topary, başgaça aýdylanda, Günbatar zolak ýeňiş gazanmagy başardy.

LeBronyň topary geçen ýylda-da Stefen Körriniň toparyndan üstün çykypdy.Duşuşykda NBA-da soňky möwsümlerini geçirýän Dweýn Weýd bilen Dirk Nowitzki hem çykyş etdi.Olaryň birinjisi 13-nji, germaniýaly basketbolçy bolsa, 14-nji ýola “All Star” şüweleňine gatnaşdy. Şeýle-de LeBron Jeýms 15-nji gezek “All Star”-da oýnady.

Toparynyň ýeňiş gazanmagyna 31 utuklyk goşant goşan Kewin Durant 2012-nji ýyldan soň, 2-nji sapar iň gymmatly oýunçy (MVP) diýlip saýlandy.

Ýene degişli makalalar

“NBA All Star” şüweleňi
Ýeňiş gazanan tarap LeBron Jeýmsiň topary
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
NBA-da çempion üýtgemedi
LeBron Jeýms we ýoldaşlary
Finala ýeňillik bilen çykdy