LeBron Jeýms we ýoldaşlary

NBA All-Star şüweleňinde Günbatar konferensiýasynyň saýlama topary ýeňiş gazandy.Atlantada oýnalan 70-nji NBA All-Star duşuşygynda LeBron Jeýms we ýoldaşlary Kewin Durant we ýoldaşlaryny 170:150 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykda 16 urgusy-da takyk bolan Ýannis Adetokunbo merhum basketbolçy Kobe Braýntyň adyny göterýän duşuşygyň iň ökde oýunçysy (MVP) baýragyna laýyk görüldi.Ol 35 utuk, 7 ribaund we 3 asist görkezijiler bilen çykyş etdi. Şeýlelikde, LeBron Jeýmsiň topary soňky 4 ýylda 4-nji gezek ýeňiş gazandy.

The post LeBron Jeýms we ýoldaşlary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

NBA-da çempion üýtgemedi
LeBron we onuň ýoldaşlary
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
Ýeňiş gazanan tarap LeBron Jeýmsiň topary
“Los Anjeles Leýkersiň” 17-nji çempionlygy
Baş keşpde LeBron Jeýms