Lebedew: GDA bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanylmagy möhüm

Lebedew: GDA bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanylmagy möhüm

Şu hepdäniň sişenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin döwlet sylaglaryny gowşurdy, Kremliň Ýekaterina zalyna çagyrylanlaryň arasynda GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew hem bar diýip, MIR 24 habar berýär.

Russiýa üçin GDA ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek gatnaşyklaryny saklamak möhümdir. Men munuň üçin elde barymy etjekdigine söz berýärin. Ertir Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň ýygnagy bolar, Moskwa Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleri gelerler. Men dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde tüýs ýüregimden rowaçlyk, üstünlik arzuw edýärin diýip, Lebedew aýtdy.

RF-iň döwlet Baştutanynyň elinden ýurduň döwlet işgärleri, syýasatçylar, jemgyýetçilik we medeniýet işgärleri baýraklary aldylar.

Ýurduň Konstitusion kazyýetiniň başlygy Wýaçeslaw Zorkin we Tatarystanyň birinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýew Keramatly apostol Andreý Perwozwannyý ordeni bilen sylaglandy.

Çeçenistanyň döwlet Baştutanynyň ýanýoldaşy, 13 çaganyň ejesi Medni Kadyrowa Gahryman ene hormatly ady dakyldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Türkmenistanda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyraladylar, Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport edijileriň esasylarynyň birine öwrüldi, Aşgabada MAZ AGPJ-niň wekiliýeti geldi we beýleki habarlar
Daşoguz welaýatynda demirýolyçy maşgalalaryň jemi 64-si ýokary amatlyklary bolan täze jaýlara göçdüler
Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenleriň dünýä dolan ykbaly, Bitarap Watanym Türkmenistanym atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Halklaryň dostlugy ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili atly ýaşlaryň halkara maslahaty geçirildi